BILIM

Özbegistanda türki döwletleriň halkara uniwersiteti dörediler

Özbegistanyň paýtagtynda türki döwletleriň halkara uniwersiteti dörediler. Bu barada özbek metbugaty ýurduň Adalat ministrligine salgylanyp habar berýär.

Täze ýokary bilim edarasy inženerçilik, gurluşyk, logisitka, maglumat tehnologiýasy we programmirlemek, saglygy goraýyş, oba hojalygy, azyk senagaty, ykdysadyýet we durmuş ugurly ugurlarda halkara ülňülerine laýyklykda hünärmenleri taýýarlar.

– 2025-2026-njy okuw ýylyndan başlap, uniwersitetde okuw maksatnamasy bilim ulgamynda halkara ykrar edilen guramalaryň reýtinginde öňdeki 1000 orunda orun alan hem-de öz ugrunda öňdebaryjy bolan Türkiýäniň ýokary bilim edaralarynyň okuw maksatnamasy boýunça amala aşyrylar – diýip, beýanatda bellenilýär.

Uniwersitetde talyplara bilim tölegli-şertnamalaýyn esasda berlip, kabul edişligiň we tölegli şertnamanyň görkezijileri bilim edarasy tarapyndan kesgitlener. Ýokary bilim edarasynyň işini utgaşdyrmak üçin dolandyryjylar geňeşi dörediler.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak adam talyplyga kabul ediler

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde emeli aň boýunça täze ugurlar açylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar

Dalaşgär-2026: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Dalaşgär-2026: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Dalaşgär-2026: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty