BILIM

Dalaşgär-2026: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

2026/2027-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; tokaý we seýil bag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inžener mugallymlary taýýarlamak); ösümlik ýagyny öndürmek).

2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar lukmançylygy).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: ösümlikleri goramak; miwe­-gök önümlerini gaýtadan işlemek; et­-süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi; agrohimiýa we agrotopragy öwreniş; IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy).

2. Dokma we ýeňil senagatyň tehnologiýalary (hünärler: mata önümçiligi; tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek).

3. Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (hünär: ýer gurluşygy we kadastrlar).

III. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlygyň ugurlary: zootehniýa; senagat balykçylygy; kinologiýa).

IV. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda)).

2. Oba, tokaý we balyk hojalygy (taýýarlygyň ugurlary: ýyladyşhana hojalygy; agroekologiýa).

3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda)).

4. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda)).

Uniwersitete umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synagynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2026-njy ýylyň 13 — 26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat ş.) aşakdaky möhletlerde geçirilýär: Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlary — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i günleri; Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de Balkan welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si günleri; Ahal welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i günleri. Okuw dersleri boýunça giriş synagy döwlet dilinde test görnüşinde geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça test görnüşinde geçiriljek giriş synagy Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça test görnüşinde geçiriljek giriş synagynyň sowallary aşakdaky okuw dersleri boýunça düzülýär: hünärler: agronomçylyk; ýüpekçilik; agrohimiýa we agrotopragy öwreniş; bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk; ösümlikleri goramak; tokaý we seýil bag hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy; weterinar lukmançylygy; taýýarlygyň ugurlary: ýyladyşhana hojalygy; agroekologiýa; zootehniýa; senagat balykçylygy; kinologiýa) — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy; hünärler: gidromeliorasiýa; ýer gurluşygy we kadastrlar; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; melioratiw işleri mehanizmleşdirmek; oba hojalygy (inžener mugallymlary taýýarlamak); IT-tehnologiýalary peýdalanmak bilen suw gorlarynyň dolandyrylyşy; taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda); maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy; hünärler: miwe-­gök önümlerini gaýtadan işlemek; et-­süýt önümlerini gaýtadan işlemek; dänäni gaýtadan işlemek; pagtanyň ilkinji işlenilişi; ösümlik ýagyny öndürmek; mata önümçiligi; tikinçilik önümçiliginiň tehnologiýasy; tebigy süýümleri egirmek — fizika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy; taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy. Test görnüşinde geçiriljek giriş synagynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler synaga we uniwersitete kabul edilmegiň jemleýji tapgyryna goýberilmeýär.

Giriş synagyndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan: — soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere ýa-da taýýarlygyň ugurlaryna hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar; — «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009­-njy (Görogly) köçe, 143, tel.: 34­-07-­77, 34-­27-­46, 34-27-09.

Ýene-de okaň

Dalaşgär-2026: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Dalaşgär-2026: Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Dalaşgär-2026: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Dalaşgär-2026: Halkara senagatçylar we telekeçiler uiwersiteti

Dalaşgär-2026: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy

Dalaşgär-2026: Türkmen döwlet maliýe instituty