DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Malaýziýanyň milli habarlar agentligine baryp gördi

Malaýziýada saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky wekiliýetiň düzümindäki metbugat wekilleri Malaýziýanyň “Bernama” milli habarlar agentligine baryp gördi. Bu barada milli habarlar agentligi habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygynyň orunbasary Sähetmyrat Kakyşowyň ýolbaşçylygynda metbugat wekilleri Malaýziýanyň metbugat agentliginiň işini tanyşdylar. Toparyň düzüminde “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory Kakamyrat Rejepow, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory Maýa Alimowa, “Watan” gazetiniň baş redaktory Tawus Kakaýewa, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjow bar.

“Bernama” milli habarlar agentliginiň baş redaktory Arul Rajoo Durar Raj türkmen wekiliýetini mähirli garşylap, habarlar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Malaýziýanyň metbugat wekili Türkmenistan bilen habarlary alyp bermek boýuna hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Related posts

Pen Liýuandan Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyna gelen hat

Türki Döwletleriň Guramasy kosmos ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-niň senagat ministri Sultan Al Jaber bilen duşuşyk geçirdi