JEMGYÝET

Döwletjan Ýagşymyradow final tutluşygyna çykar

29-njy noýabrda Er-Riýadda (Saud Arabystany) garyşyk söweş sungaty boýunça “PFL World Championship 2024” ýaryşy geçiriler. Şol gijäniň esasy tutluşygy ýarym ýeňil agramly PFL Gran Pri finaly bolar. Onda türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow we amerikaly Impa Kasanganaý çempionlyk guşagy hem-de 1 million dollarlyk baýrak ugrunda bäsleşer.

35 ýaşly türkmen türgeni ABŞ-nyň Florida ştatynyň Golliwud şäherinde geçirilen PFL 8 ýaryşynda awstraliýaly Rob Uilkinsony eminleriň biragyzdan ses bermegi bilen ýeňenden soň, bu ady almak hukugyna eýe boldy

Bu Ýagşymyradowyň yzygider altynjy ýeňşi we PFL-de üçünjisi boldy. Garyşyk söweş sungatynda onuň 24 ýeňşi we 7 ýeňlişi bar, ýene-de bir tutluşygy deňme-deň netije bilen tamamlandy.

30 ýaşly Kasanganaý hem güýçli türgenleriň biridir. Onuň hem 18 tutluşykda gazanan ýeňşi we 4 gezek ýeňilen duşuşyklary bar.

Her iki türgen PFL 2024 möwsüminde oňat netije görkezip, 3 tutluşykda hem ýeňiş gazandy.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjanyň Prezidentine hem-de Ermenistanyň Premýer-ministrine GUTLAGY

Türkmenistan «С5+1» formatyndaky duşuşyga gatnaşdy

Ata Watan Eserleri