BIZNES

Türkmenistan we Koreýa Respublikasy himiýa senagatynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy Resul Myradow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Li Won-Je bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda himiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy koreý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi.

Ilçi, öz gezeginde, Türkmenabatda fosfor dökünlerini öndürýän zawodyň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylmagyna beren goldawy üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň ýolbaşçylygyna minnetdarlyk bildirdi we geljegi uly taslamalara koreý kompaniýalarynyň mundan beýläk hem işjeň gatnaşjakdygyna umyt bildirdi.

Taraplar bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin geljekde hem ýakyn aragatnaşygy saklamak barada ylalaşdylar.

Related posts

Merkezi Garagumdaky gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

Meeting of Deputy Foreign Ministers of Central Asian states was held in Bishkek

vepa

23-nji martda gowaça ekişine girişiler