BIZNES

Aşgabat – Astrahan – Kazan ugry boýunça uçar gatnawy maslahatlaşyldy

Häzirki hyzmatdaşlygyň gün tertibi Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanowyň  arasyndaky duşuşygynyň esasy mowzugy boldy.

Duşuşykda söwda, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda işjeň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylýandygy bellenildi.

Türkmenistan Astrahan sebiti bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berýändigi begendirýär. Golaýda Wise-gubernatoryň – Astrahan sebitiniň hökümetiniň başlygy Denis Afanasýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Aşgabat şäherine eden sapary muny ýene bir gezek görkezdi. Türkmenistanyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda netijeli gepleşikler geçirildi – diýip, ministr belledi.

Taraplar Astrahan portunyň ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek, Aşgabat – Astrahan – Kazan ugurlarynda göni uçar gatnawlarynyň açylmagy, 2025-nji ýylda “Astrahan sebiti – Türkmenistan: söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” atly  işewürler forumy, onuň çäklerinde Türkmenistan-Astrahan telekeçilik boýunça belikdäki geňeşiň 4-nji mejlisi, Balkan welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Astarahana sapary barada pikir alşyldy.

Taraplar ynsanperwerlik pudagynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna-da degip geçdiler. Ilki bilen, Astrahan sebitiniň we Türkmenistanyň bilim edaralarynyň özara gatnaşygy, türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sebitde geçirilen dabaraly çäreler barada bellenilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda sebitiň daşary aragatnaşyklar ministri we Türkmenistanyň konsuly hereketleriň meýilnamasyny düzmek barada ylalaşdylar, bu meýilnama esasanam 2025-nji ýylda Türkmenistanyň wekiliýetleriniň Astrahanda geçirilen halkara çärelerine gatnaşmagyny öz içine alar.

Ýene-de okaň

Tramp: ABŞ-a goýlan maýa goýumlary 20 trln dollardan geçer

Balkanabat şäherinde Eýranyň Gülüstan welaýatynyň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen işewür duşuşyk geçirildi

Hytaýyň öňdebaryjy maşyn gurluşyk korporasiýalarynyň wekiliýeti Türkmenistanda duşuşyklar geçirdi

Türkmenistanda gurlan ilkinji ýük gämisi suwa goýberildi

Türkmenistan «Chimcomplex» rumyn kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär