Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdag” topary ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň ýeňijisi boldy. Jemleýji, 20-nji tapgyrda “Senagatbank” toparyny 6:2 hasabynda ýeňlişe sezewar eden “Köpetdag” topary 46 utuk toplap, çempionlyk derejesini gazandy. 42 utuk toplan Mergen Ataýewiň türgenleşdirýän “Senagatbank” topary çempionaty ikinji orunda tamamlady. Geçen ýylyň çempiony “Deňizçi“ topary toplan 40 utugy bilen üçünji orny eýeledi.
Çempionatyň ýapylyş dabarasynda möwsümiň dowamynda öňe saýlanan oýunçylardyr tälimçä gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy. Naýbaşy futzal ligasynyň “Iň ökde oýunçysy” baýragyna TNGIZT toparynyň futzalçysy Rahatmyrat Nepesow mynasyp görüldi. ”Iň ökde derwezeçi” diýlip “Deňizçi” toparynyň oýunçysy Rehimberdi Halmämmedow saýlanyldy. Iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda “Köpetdag” toparynyň oýunçysy Mülkaman Annagulyýew öňe saýlandy. “Migrasiýa” toparynyň tälimçisi Sähetmyrat Bäşimow “Iň ökde tälimçi” diýlip yglan edildi.
Baýrakly orunlara mynasyp bolan toparlara hem-de öňe saýlanan oýunçylara baýraklary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Öwekow, TFF-niň Baş sekretarynyň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirýän Maksat Seýitgulyýew hem-de TFF-niň futzal bölüminiň başlygy Annanur Gulow gowşurdylar.