MEDENIÝET

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda ýurdumyzda geçirilýän «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň çäklerinde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi. Olar soňky bir ýylyň dowamynda eden işleri, geljekde ýerine ýetirilmeli taslamalar, edilmeli işler dogrusynda pikir alyşdylar.

Bu festiwalda türki dünýäniň dürli döwletlerine degişli hem-ä dokumental, hem-de doly göwrümli çeper filmler bäsleşýär. «Kinofestiwalyň ähmiýeti nämede?» diýen sowalyň ýüze çykmagy tebigy ýagdaýdyr. «Gorkut ata» kinofestiwaly, ilki bilen, türki dünýäniň kinematograflarynyň, kino sungatynyň ussatlarynyň bir ýere jemlenmegini üpjün edýändigi üçin aýratyn ähmiýete eýe.

Üstesine-de, prodýuserler bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga mümkinçilik alýarlar. Olar ýaşlar bilen duşuşyp, bu ugra höwes bildirýän nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga çalyşýarlar, olary höweslendirýärler, pikir-garaýyşlaryny beýan edýärler hem-de gymmatly maslahatlaryny berýärler.

Festiwal häzirki wagtda türki döwletleriň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Sebäbi ol doganlyk halklaryň kinematograflarynyň dostlaşmagyna hem-de ýakyn aragatnaşyk saklamaklaryna, özboluşly milli hem medeni aýratynlyklarymyz bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.

Ýene-de okaň

Türkmen filmleri “Turan” film festiwalynda görkezildi

Azerbaýjanly opera aýdymçylary Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň gala konsertinde çykyş etdiler

Weli Muhadowyň 110 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

TÜRKSOÝ Türkmenistanyň medeniýetine bagyşlanan 3 tomluk neşir taýýarlaýar

Ata Watan Eserleri

Maýkl Jekson baradaky film rekord goýýar

Gyrgyzystanda uçarda ilkinji gezek moda görkezilişi geçirildi

Ata Watan Eserleri