SPORT

Maýk Taýson hem-de bloger Jeýk Pol boks tutluşygyna çykýar

Amerikaly wideo bloger Jeýk Pol bilen dünýäniň ozalky absolýut çempiony Maýk Taýson boks tutluşygyna çykýar. Bu tutluşykdan bloger Jeýk Pol 40 million dollar gazanýar. Ady rowaýata öwrülen boksçynyň gazanjy bolsa 20 million dollar töweregi bolar.

Maýk Taýson bilen Jeýk Poluň arasynda boks tutluşygy 15-nji noýabr gijesi ABŞ-nyň Arlington şäherinde geçiriler. Bu resmi tutluşyk her döwi 2 minutdan 8 döwden ybarat bolar.

Jeýk Poluň professional boksda gazanan 10 ýeňşi bar we ol bir gezek ýeňildi.

Taýson bolsa, öz döwründe 50 ýeňiş gazanyp, şol ýeňişleriň 44-sinde garşydaşyny nokaut edipdi.

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy