SPORT

«Arkadag» futbol topary 24 utuk toplady

Türkmenistanyň çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň çäklerinde Arkadag şäheri bilen adybir «Arkadag» futbol topary «Ahal» toparyny kabul etdi.

«Arkadag» futbol topary çempionatdaky duşuşyklarynda bu günki oýnuň hem «ýeňiji» diýen adyny öz adyna ýazdyrdy. «Arkadag» 5:2 hasap bilen «Ahaly» utdy. Ozal habar berşimiz ýaly, çempionatyň iň güýçli oýunçysy Didar Durdyýew bu günki oýunda has-da tapawutlandy. Ol oýnuň 23,52,78-nji minutlarynda garşydaşyň derwezesine gollary geçirip, iň köp gol salan oýunçy diýen adyny berkitdi. «Arkadag» toparyndan iki goly bolsa, 28-nji minutda Begmyrat Baýew we 57-nji minutda Ybraýym Mämmedow dagy saldylar.
«Ahal» futbol toparyndan 39-njy minutda Meýlis Diniýew, 59-njy minutda Begenç Mämiýew gollary geçirdiler.
Netijede, bu duşuşykdan soň «Arkadag» topary 24 utuk toplady.

Related posts

Neýmar 980 günden soň ilkinji gezek meýdança çykdy

Çempionlar ligasynyň nobatdaky duşuşyklary

Lebron NBA-nyň iň köp hak tölenýän basketbolçysy boldy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment