SPORT

“Forbes”:Ronaldo iň köp girdeji gazanýan futbolçy boldy

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň hüjümçisi portugaliýaly Kristiano Ronaldo iň köp girdeji gazanan futbolçylaryň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berýär.

Ronaldo 2021/22 möwsüminde 125 million dollar gazanar, şondan 70 million dollary Italiýanyň “Ýuwentus” toparyndan “Mançester Ýunaýted” toparyna gaýdyp gelmegi bilen aljak zähmet haky we goşmaça haklary bolar. Galanlaryny mahabat taslamalaryndan gelýän girdeji düzer.

Sanawda ikinji orunda durýan Fransiýanyň “PSŽ” toparyna geçen Lionel Messi 110 million dollar gazanar. Messiniň Ronaldo görä, zähmet haky ýokarydyr. Ol 75 million dollar zähmet haky alar. Ýöne Messiniň mahabatdan gelýän girdejisi 35 million dollara barabar bolar.

“Forbes” žurnalynyň sanawynda ilkinji bäşlige 95 million dollarlyk (75+20) girdejisi bilen Neýmar, 43 million dollarlyk (28+15) girdejisi bilen fransiýaly Kilian Mbappe we 41 million dollarlyk (25+16) girdejisi bilen müsürli Muhammed Salah girmegi başardy.

“Barselona” topary tälimçisini çalyşmagy mümkin

Ýene-de okaň

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi

Dünýä çempionaty-2026: ýatda galan gyzykly maglumatlar

Türkmenistan Bakuwda geçiriljek ýaşlaryň dünýä çempionatyna gatnaşar