SPORT

“Altyn Asyr” AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň toparçalaýyn tapgyryna çykdy

Aşgabadyň “Altyn Asyr” futbol topary nobatdaky halkara üstünligini gazandy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri AFK-nyň Çempionlar ligasynyň -2-niň saýlama tapgyrynyň çäginde myhmançylykda Hindistanyň “Ist Bengal” toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy.

Duşuşykda ilkinji bolup hasaby ýer eýeleri açdy. 7-nji minutda “Ist Bengal” D.Lalhlandanganyň geçiren goly bilen öňe saýlandylar. Ýöne olaryň bu üstünligi uzak çekmedi. “Altyn Asyr” 18-nji minutda Myrat Annaýewiň geçiren goly bilen hasaby deňledi. 28-nji minutda Selim Nurmyradow “Altyn Asyry” ilkinji gezek hasapda öňe çykardy. Şeýlelikde, duşuşygyň birinji ýarymy türkmen toparynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşygyň 52-nji minudynda “Altyn Asyr” ýer eýeleriniň derwezinden üçünji pökgini hem geçirdi. Bu gezek Mihail Titow tapawutlandy. “Ist Bengal” 59-njy minutda S.Kresponyň geçiren goly bilen aralygy ýygran hem bolsa, “Altyn Asyr” duşuşygyň galan minutlarynda berk goranyp, ýer eýeleriniň hasaby deňlemegine mümkinçilik bermedi.

Şeýlelikde, “Altyn Asyr” myhmançylykda 3:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň toparçalaýyn tapgyrynda ýaryşmaga hukuk gazandy. “Ist Bengal” bolsa yklym ýaryşlardaky ýoluny AFK-nyň Çagyryş ligasynda dowam eder.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy