SPORT

Diego Kosta Angliýa dolanyp geldi

Angliýanyň “Premýer Liga” futbol çempionatynyň düzüminde çykyş edýän “Wulwerhempton” topary hüjümçi Diego Kosta bilen şertnama baglaşdy. 33 ýaşyndaky erkin futbolçy bilen şu möwsümiň ahyryna çenli ylalaşyk gazanyldy.

Kosta Angliýada ozal 2014-2017-nji ýyllarda “Çelsi” toparynyň düzüminde çykyş edipdi. Ol London topary bilen 2 gezek ýurduň çempiony boldy.

Onuň soňky çykyş eden topary “Atletiko Mineýro” topary boldy. Bu toparyň düzüminden hem ýanwar aýynda çykdy. Şondan bäri 6 aýdyr erkin futbolçy hökmünde durýardy.

 

Related posts

Iň gymmat türk futbolçylar

Messi karýerasyndaky 800-nji goluny geçirdi

Zenanlar futbolynyň iň gymmat transferi