BILIM

Türkmen wekiliýeti Kazanda türkmen talyplary bilen duşuşdylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Tatarystana amala aşyran saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar.

Duşuşygyň hormatyna ýaş ildeşlerimize Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýygyndysy sowgat berildi. Bu kitap beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli neşir edildi. Ýygnananlar gymmatly sowgat üçin hoşallyk bildirip, hemişe parahatçylyga, dostluga we ylalaşyga çagyran dana Pyragynyň döredijilik hem filosofik mirasynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde bu ýörelgeler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugrunyň hem esasyny düzýär.

Talyplar Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize türkmen ýaşlary barada edýän ýadawsyz aladalary, olaryň sazlaşykly ösmegi babatda döredýän ajaýyp şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, eziz Watanymyza hem-de mähriban halkymyza peýda getirmek üçin ýokary bilimli hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynandyrdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda kükürtden boýag serişdelerini almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi

Stanford uniwersitetiniň kitaphana katalogyna “Makul Sözlük” girizildi

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi

Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi