Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň «C5+1» formatynda duşuşygy boldy. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bir hatarda Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Gazagystanyň daşary işler ministri Murat Nurtleu, Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew hem-de ABŞ-nyň daşary işler ministri Entoni Blinken gatnaşdy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri öz çykyşynda ýokarda agzalyp geçilýän formatyň netijeligine ünsi çekip, ykdysadyýet, howpsuzlyk, energetika we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurlarda bilelikde iş alyp barylýandygyny aýtdy.
Şeýle hem Türkmenistan bilen ABŞ-nyň bu formatda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen türkmen tarapynyň garaýyşlary beýan edildi.
Köptaraplaýyn uşuşyk tamamlanandan soňra Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň daşary işler ministri Entoni Blinken bilen duşuşygy boldy. Onda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy mundna beýläk-de ösdürmek ugrunda pikir alşyldy.
Soňra türkmen-amerikan gepleşikleri iki ýurduň wekiliýetiniň arasynda dowam etdi. Amerika tarapyndan ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk geňeşiniň uly direktory Nikolas Berliner, ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň ýörite geňeşçisi Sara Minkara, ABŞ-nyň Daşary işler ministriniň bölüm başlygy Tom West, ABŞ-nyň Daşary işler ministriniň bölüm utgaşdyryjysy Elizabet Riçard we beýlekiler gatnaşdy.
Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, howpsuzlyk ulgdamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, halkara energetika, ylym, bilim we ynsanperwer ugrundaky gatnaşyklar boýunça pikir alşyldy.
Türkmenistan-ABŞ Işewürler geňeşiniň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekdäki ornuna kanagatlanma bildirildi. Taraplar geljekde-de bu ugurlarda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça ylalaşdylar.