JEMGYÝET

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Ýurdumyz boýunça möhüm oba hojalyk möwsümine — gowaça ekişine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň ekerançylary ekişe köpçülikleýin girişdiler.

Ýurdumyzyň oba hojalygynyň ileri tutulýan ugry bolan pagtaçylyk pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, önüm öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet tarapyndan amala aşyrylýan düýpli özgertmeler esasynda ekerançylar dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnikalary, ýokary hilli tohumlar, zerur mineral dökünler bilen bökdençsiz üpjün edilýär.

Gowaçanyň täze sortlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy öndürilýän önümiň möçberini artdyrmakda we hilini ýokarlandyrmakda esasy şert bolup durýar. Ýokary hilli, bol hasylly gowaça sortlaryny döretmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak pudagy ösdürmekde öňde goýlan möhüm talapdyr. Bu ugurda Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynda degişli işler alnyp barylýar.

Suw serişdelerini netijeli ulanmak meselesi üns merkezinde saklanýar. Ekiş geçirilýän meýdanlarda suw tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalar, şol sanda damjalaýyn suwaryş ulgamlary giňden ornaşdyrylýar. Bu çemeleşme her sebitiň özboluşly howa şertlerinde ýokary hasyl almaga, topragyň hasyllylygyny saklamaga, suwy tygşytly sarp etmäge mümkinçilik berýär.

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy