JEMGYÝET

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi.

Rus Baştutanynyň gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dostlukly halklaryň bähbidine, şeýle hem Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň hatyrasyna mundan beýläk-de ähli ulgamlarda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Russiýanyň Prezidenti bu nurana baýram gününde Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk hem-de üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaýyň ulag hyzmatdaşlygy ylalaşygy tassyklandy

Türkmenistan iri halkara sergilerine gatnaşar