JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda geňeşmeler geçirildi

2020-nji ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew we rus tarapyna Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Rudenko ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Dünýäde pandemiýa ýagdaýy zerarly ýüze çykan meseleleriň netijeli çözülmegine gönükdirilen özarahereketleriň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň ikisiniň hem sebitde we dünýäde durnuklylygyň, ykdysady ösüşiň, şonuň ýaly-da howpsuzlygyň saklanylmagy boýunça netijeli köpgyraňly gurallaryň gözlenilmegine ygrarlydyklary bellenilip geçildi.

Diplomatlar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň wajyp ornuny hem nygtadylar. Bu Topara bilelikde başlyklyk edijileriň onlaýn duşuşygy ýakyn günlerde göz öňünde tutulandyr. Söhbetdeşler Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändigini hem belläp geçdiler.

Şeýle-de öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depgini bilen birlikde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň ösdürilmeginiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy