DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Yraga tebigy gaz eksporty Nýu-Ýorkda maslahatlaşyldy

Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Yragyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Fuad Muhammed Huseýn bilen duşuşygy boldy.

Duşuşykda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek babatdaky çemeleşmeleri tassykladylar.

Ministrler türkmen tebigy gazyny Yraga SWAP ulgamy boýunça ibermek babatda jikme-jik pikir alyşdylar. Maýa goýum hyzmatdaşlygy meselelerine hem garaldy we häzirki sebit gün tertibinde pikir alyşyldy.

Related posts

Aşgabadyň 103 ýaş­ly ýaşaýjysy Fat­ma Ak­pe­ro­wa­

Ýakymly ýatlama: Žurnalymyz BMG Resmi Twitter hasabynda

Ata Watan Eserleri

Hindi filmine Italiýada ýokary baha

vepa