JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranda iş saparynda bolýar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasyna geldi.Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sapary mynasybetli Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Eýranyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Eýran Yslam Respublikasynyň resmi wekilleri hem-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Soňra howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlar zalynda Milli Liderimiz bilen Eýranyň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýola goýuldy. Şol döwürden bäri iki ýurt tagallalarynydyr mümkinçiliklerini milli we sebit bähbitleri üpjün etmäge gönükdirip, hoşniýetli goňşuçylygyň binýadyny pugta berkitmegi başardy. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Eýran bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylan Tejen — Sarahs — Maşat demir ýoly, Körpeje — Gurtguýy gaz geçirijisi, «Dostluk» suw howdany döwletara gatnaşyklaryň taryhyna bilelikdäki iri taslamalar hökmünde ýazyldy. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly häzirki wagtda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň «altyn halkasy» hökmünde ägirt uly giňişlikde ykdysady ösüşiň depginini artdyrmaga goşant goşýar. Geçen ýyllaryň dowamynda hökümetara we pudagara derejede gazanylan ylalaşyklardyr ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumy hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitse, barha artýan özara haryt dolanyşygy söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna şu gezekki iş sapary we onuň çäginde meýilleşdirilen duşuşyklar, şol sanda dostlukly ýurduň ýolbaşçylary bilen geçiriljek gepleşikler netijeli döwletara gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa sapary: hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi

Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda 45 milliard dollarlyk taslamalary amala aşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyñ Milli Lideriniň “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýusy

Ata Watan Eserleri