JEMGYÝET

Nebitgaz toplumyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň täze orunbasary bellendi

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Myratgeldi Meredowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin bu wezipeden boşatdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Şahym Abdrahmanow bellendi. Ol Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.

Baýmyrat Atamanow Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenilip, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.

Parahat Orazow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine bellenilip, şol institutyň prorektor wezipesinden boşadyldy.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Related posts

Türkmenistana gelýän Ýaponiýanyň raýatlaryna wiza ýeňilligi

vepa

Uluslararası Olimpiyat Komitesi Başkanı ile görüşme

vepa

Gara deňziň gruzin kenarynda Türkmenistanyň ýük terminaly dörediler