Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny aşyrdy we bu ýerde ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň taslamasynyň çäginde «Balkan–Daşoguz» ugry boýunça her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan täze howa elektrik geçirijisini we beketleri işe girizmek dabarasyna gatnaşdy.
Dabaralaryň çäginde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslaryň 200-e golaýynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy taryhy ähmiýetli wakalaryň üstüni ýetirdi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentiliginiň «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine ýolagçy awtobuslary gowşuryldy.
«TOYOTA HIACE» kysymly kiçi synply döwrebap awtobuslaryň we «TOYOTA COASTER» kysymly orta synply awtobuslaryň gowşurylmagy bilen «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşiginiň maddy-enjamlaýyn binýady has-da kämilleşdirildi.
Bu awtobuslaryň şäherýaka ugurlary boýunça hereket etmegine garaşylýar.