TEHNOLOGIÝA

«Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine 200 sany awtobus sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny aşyrdy we bu ýerde ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň taslamasynyň çäginde «Balkan–Daşoguz» ugry boýunça her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan täze howa elektrik geçirijisini we beketleri işe girizmek dabarasyna gatnaşdy.

Dabaralaryň çäginde  «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine häzirki zaman awtobuslaryň 200-e golaýynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy taryhy ähmiýetli wakalaryň üstüni ýetirdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenawtoulaglary” agentiliginiň «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşigine ýolagçy awtobuslary gowşuryldy.

«TOYOTA HIACE» kysymly kiçi synply döwrebap awtobuslaryň we «TOYOTA COASTER» kysymly orta synply awtobuslaryň gowşurylmagy bilen «Daşoguzawtoulag» önümçilik birleşiginiň maddy-enjamlaýyn binýady has-da kämilleşdirildi.

Bu awtobuslaryň şäherýaka ugurlary boýunça hereket etmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Gresiýa 15 ýaşa ýetmedik çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan eder

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi