JEMGYÝET

“Real Madrid” topary 15-nji gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy

Düýn gije Ýewropanyň öňdebaryjy kubogy – UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň kubogynyň final duşuşygy boldy. Angliýanyň London şäherindäki meşhur “Uembli” stadionynda geçirilen duşuşykda Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparyny 2:0 hasabynda ýeňen Ispaniýanyň “Real Madrid” topary 15-nji gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Bu rekorddyr.

Şeýlelikde, “Real Madrid” topary 2023/2024-nji mwsümiň Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanmak bilen, Ýewropanyň iň güýçli toparydygyny subut etdi. Ýeňiji bolan toparyň düzüminde Karwahal we Winisius tapawutlandy.

Italýan tälimçi Karlo Ançelottiniň şägirtleri german toparyny 2:0 hasabynda utup, UEFA-nyň howandarlygynda geçirilýän futbolyň toparlar derejesindäki baş baýragyny 15-nji gezk gazandy.

Bu kubogy iň köp gazananlaryň sanawynda ikinji orny Italiýanyň “Milan” topary bolup, onuň kuboklarynyň sany 7-ä deňdir. Soňra “Bawariýa” we “Liwerpul” toparlary 6 gezek, “Barselona” topary 5 gezek gazandy.

Ispan toparynyň düzümindäki iňlis futbolçy Jud Bellingem hem-de türk futbolçy Arda Güler ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.

Galyberse-de, Arda Güler bu kubogy gazanan ilkinji türk futbolçydyr.

“REALYŇ” ÇEMPIONLAR LIGASYNDAKY ÜSTÜNLIKLERI

● “Real” topary 18 gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy we 3 gezek ýeňildi. Soňky gezek 43 ýyl mundan ozal Parižde “Liwerpul” toparyndan ýeňlipdi.

● Ispan topary 9 gezek yzly-yzyna finalda ýeňiş  gazandy. Bu ýeňişli möwsüm 1997/98-nji ýylda başlap, yzygiderlikde “Ýuwentus”, “Walensiýa”, “Baýer”, “Atletiko”, ýene-de “Atletiko”, “Ýuwentus” we 2 gezek “Liwerpul” toparyndan üstün çykdy.

● Toparyň tälimçisi Karlo Ançelotti 5 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazanyp, tälimçileriň arasynda rekord goýdy. Zinedin Zidan, Pep Gwardiola we Bob Peýsli 3 gezek bu kubogy gazanypdy .

● “Real” topary 5 gezek bir möwsümde hem çempion boldy hem-de Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Bu hem 1957-nji, 1958-nji, 2017-nji, 2022-nji we 2024-nji ýyllar boldy.

Ýene-de okaň

Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Liderine “Dostluk” atly garabag bedewini sowgat berdi

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi

Oguljahan Atabaýewa Geýdar Aliýew merkezine we haly muzeýine baryp gördi

Oguljahan Atabaýewa Leýla Aliýewa bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy