SPORT

Ronaldo täze rekordyna barýar

Ýene-de sanlyja aýdan Germaniýada futbol boýunça Ýewropa çempionaty badalga alar. Öňde boljak Ýewropa çempionaty 39 ýaşyndaky portugal ýyldyz Kristiano Roaldo üçin 6-njy Ýewropa çempionaty bolar. Bu rekord görkezijidir.

Şeýlelikde, Ronaldo Germaniýada geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionaty üçin Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzümine ornuny aldy. Bu hem ony Ýewropa çempionatyna gatnaşyjylaryň hatarynda birinji orna çykarýar.

Mundan ozal, Ronaldo ýaly ispan derwezeçi Iker Kasilýas 5 gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşypdy. Ýöne Kasilýas futboly taşlady.

Ýene-de bir görkeziji, Ronaldo gatnaşan 5 Ýewropa çempionatynda hem oýnady. Kasilýas bolsa, 5 gezek gatanaşan Ýewropa çempionatynyň 3-ünde öz ýurdunyň derwezesini gorady.

Ronaldo ilkinji gezke 2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynda oýnapdy. Şonda Portugaliýanyň ýygyndysy finalda Gresiýadan 1:0 hasabynda utulypdy.

2016-njy ýylda Ýewropa çempionatynda Kristiano Ronaldoly Portugaliýa çempion bolupdy.

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Roberto Martines “Al-Nasr” toparynyň düzüminde 41 duşuşykda 42 gol geçiren Kristiano Ronaldonyň netijeliligine zerurlyk duýýandyklayrny belledi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady