TEHNOLOGIÝA

Ilon Mask Türkiýede wekilhanasyny açdy

Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan Ilon Maksa degişli ozalky “Twitter”, häzirki “X” jemgyýetçilik tory Stambul şäherinde wekilhanasyny açdy. Bu barada Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly habar berdi.

Ol beren beýanatynda “X” jemgyýetçilik torunyň mundan beýläk, Stambuldaky wekilhanasynyň üsti bilen Türkiýedäki işlerini alyp barjakdygyny mälim etdi.

Ministr öz beýanatynda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň başlangyjy esasynda “X” jemgyýetçilik torunyň Türkiýede öz wekilhanasyny açandygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ozal birnäçe gezek dünýä belli işewür Ilon Maks bilen duşuşyp, hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşypdy.

Related posts

Bir aýda 5 milliona golaý gezek okaldyk!

“Bosch” kompaniýasynyň geljekdäki elektrik tigiri

Ähli habarlaryň jemlenen ýeri: Türkmenistan Habar

Ata Watan Eserleri