MEDENIÝET

Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygyna bagyşlanan konsert

Şu gün «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Konsertde  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Şemşat Amannepesowanyň hem-de konserwatoriýanyň mugallymy hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy Oguljeren Seidowanyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp sazlar ýaňlandy.

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Ýeňiş” atly konsertde türkmen we dünýä belli daşary ýurt kompozitorlaryň sazlary ýaňlandy.

Konsertiň dowamynda Şemşat Amannepesowa hem-de Oguljeren Seidowyň bilelikde we sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirilen hem-de ýaňlanan aýdym-sazlary diňleýjilerde ajaýyp duýgulary emele getirdi.

Konsert maksatnamasynyň dowamynda Frederik Şopeniň “Skerso”, Ferens Listiň “Rapsodiýa” we “Etýud”, N. Hälmammedowyň “Elegiki Prelýudiýa tuga”, D. Öwezowyň “Şasenem-Garyp” operasyndan “Şasenemiň ariýasy”, Puççininiň “Toska” operasyndan “Toskanyň ariýasy”, J. Werdiniň “Bal-Maskarad” operasyndan “Askaryň” aýdymy, W. Muhadowyň “Söýgülim gelýär” we “Gyzlar”, A. Agajykowyň ” Gowgaly gije” operasyndan “Aknabadyň ariýasy”, H. Allanurowyň “Näme sen” atly saz eserleri ussat mugallymlaryň sazandarlyk etmeginde uly joşgun bilen ýaňlandy.

“Fortepiano” saz guralynynyň owazy bilen ýaňlanan şirin mukamlar tomaşaçylarda aýratyn duýgular döretdi. Konsertdäki çykyşlar tomaşaçylar köpçüliginiň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Bu medeni köpçülikleýin çäräsine konserwatoriýanyň mugallymlarydyr talyplary hem-de sungat söýüjiler gatnaşdy.

Joşgunly konsert türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler bilen jemlendi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi