Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.
Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak boýunça taslamalar üstünlikli amala aşyryldy we olary durmuşa geçirmek giň gerimde dowam etdirilýär, lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça köpugurly işler amala aşyrylýar. Şol lukmançylyk merkezleri daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilýär.
Saglygy goraýyş ulgamyna sanly ulgam barha işjeň ornaşdyrylýar, maglumatlary alyşmak üçin göni sanly aragatnaşyk ulgamy ulanylýar. Iň täze telekommunikasiýa we kompýuter tehnologiýalary, uzak aralyga garamazdan, meýilnamalaýyn we tiz lukmançylyk kömegini bermek, şeýle hem keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak ulgamynda yzygiderli geňeşmeleri geçirmek, tejribe alyşmak üçin ýokary hünärli daşary ýurtly hünärmenleri çekmäge mümkinçilik berýär.
Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy täze belent sepgitlere çykýar. Innowasion ugurlara esaslanmak bilen, lukmançylyk edaralarynyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny hödürlemek, raýatlarymyzyň sagdynlygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Bu baýramçylyga welaýatymyzda hem giň orun berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hünär baýramymyzyň ― Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň bellenilmegi biziň üçin uly serpaý.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde eden çykyşynda häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamynyň depginli ösdürilip, halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň edilýändigine ünsi çekmek bilen, geçen ýyl bu ulgama Döwlet býujetinden 2 milliard 900 million manat möçberinde maliýe serişdeleriniň goýberilendigini, saglyk desgalarynyň gurluşygy üçin 1 milliard 900 million manat maýa goýum serişdesiniň gönükdirilendigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşygy dowam etdirildi. Halkara iç keselleri, Halkara «Ene mähri» we Halkara saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň düýbi tutuldy. Derman senagatyny ösdürmek, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan kärhanalary döretmek işi dowam etdirildi. Lukmançylyk diplomatiýasynyň kadalaryna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeler giňden ornaşdyrylýar. Bu işler adam we onuň saglygy hakyndaky aladanyň yzygiderli, ählitaraplaýyn häsiýete eýediginiň güwäsidir.
Häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, oňa iň häzirki zaman gazananlarynyň, ösen tejribeleriň ornaşdyrylýandygyna Köpetdagyň eteginde döwrümiziň okgunly ösüşleriniň nyşany bolup dörän döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şäheriň birinji tapgyrynda saglygy goraýyş desgalarynyň hem ençemesi açylyp, raýatlaryň hyzmatyna berildi.
Häzirki wagtda Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy häzirki döwrüň ähli mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirýär. Ylaýta-da, çagalaryň we eneleriň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmegi milli aýratynlyklara laýyklykda durmuşa ornaşdyrmak, ilatymyzy Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriň hem-de ýerli çig mallaryň hasabyna öndürilýän dermanlar bilen üpjün etmek ýaly ugurlarda uly netijeler gazanyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä ykraryýetine eýe bolan lukman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty dowamat dowamdyr. Şonuň netijesinde hem, Türkmenistan — sagdynlygyň hem bagtyýarlygyň mekany!
Goý, adamzadyň iň gymmatly baýlygy — adam saglygy ugrunda aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Maýa Ataballyýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.