MEDENIÝET

Türki dünýäsiniň medeni paýtagty Änew şäherindäki dabaralara badalga berler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek boýunça dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Dabarany Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

26-njy martda geçiriljek dabaranyň çäklerinde türki halklaryň aýdymçylarynyň konsertini, suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisini guramak göz öňünde tutulýar.

Bu çärelere gatnaşmak üçin Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türk medeniýetiniň we mirasynyň gaznasynyň, Halkara Türk akademiýasynyň, şeýle hem TÜRKSOÝ-a agza we synçy ýurtlaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hem-de döredijilik we ylym wekiliýetleriň ýurdumyza gelmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi