JEMGYÝET

Aksakgallar geňeşiniň agzalary Magtymgulynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna çagyryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisinde oňa gatnaşyjylar maý aýynda paýtagtymyz Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumynyň açylyş dabarasyna çagyryldy.

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky “Garagum” myhmanhanasynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu mejlise gatnaşan Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Wengriýanyň wekillerini Köpetdagyň gözel künjeginde gurulýan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumynyň açylyş dabarasyna çagyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip yglan diýlip yglane dilen 2024-nji ýylda türki döwletleriň wekilleri bilen ýygy-ýygydan duşuşyljakdygyny belläp, maý hem-de sentýabr aýlarynda iri halkara çäreleriň guraljakdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň maý aýynda ulanmaga beriljek Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyryp, bu toplumda şol bir wagtda türki döwletleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de döredijilik işgärleriniň heýkelleriniň hem oturdylýandygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Katarda netijeli duşuşyklary geçirdiler

Ata Watan Eserleri