DÜNÝÄ

“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda mekdep we çagalar baglary gurlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda umumybilim berýän mekdepleriň we çagalar bagynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň fewralynda başlamak we umumybilim berýän mekdepleri hem-de çagalar bagyny 2025-nji ýylyň sentýabrynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Related posts

Türkmenistan bilen BAE demirýol pudagynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistan’da askeri kurumlarda görev değişikliği

vepa

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Türkmenistana sapar bilen geler