DÜNÝÄ

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Türkmenistana sapar bilen geler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň amala aşyraýn saparynyň çäklerinde türkmen-türk işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň binasynda geçirilen maslahata Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz, senagat we tehnologiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr,  Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu, türkmen we türk işewürleri gatnaşdy.

Türk metbugatynyň habaryna görä, maslahatda çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz dekabr aýynda Türkmenistana saparynyň meýilleşdirilýändigini belledi. Ol taryhy we medeni umumylyklary bolan iki ýurduň arasyndaky gadymy dostlugyň has-da pugtalandyryljakdygyny belledi.

Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentine türk kompaniýalaryna berýän goldawy üçin hoşallygyny bildirdi. Şeýle hem ol dekabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmagy göz öňünde tutýandygyny belledi.

 

Related posts

Türkmenistan bilen BAE demirýol pudagynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürýär

Narendra Modi Indira Gandiniň rekordyny täzeledi

Ahalteke atlary, alabaý itleri, keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler