JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Şri-Lanka hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Şri Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Geldynazarow Şri Lankanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Taraka Balasuriýa bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, parlamentara aragatnaşyklary, nebit-gaz we himiýa senagaty, ulag-logistika, dokma senagaty, syýahatçylyk we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy.

Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ugruna aýratyn üns çekildi. Bu babatynda Ilçi, şu ýylda Gündogaryň akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilýändigini hem-de şu mynasybetli 2024-nji ýyl Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan edilendigini belledi.

Related posts

Russiýanyň daşary işler ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň içeri işler ministrine täze orunbasar bellendi