Ýurdumyzda nebit önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.
Bellenilişi ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda nebithimiýa senagatyny ösdürmek, halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak hem-de önümleriň görnüşlerini artdyrmak babatda degişli çäreler görülýär. Hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda “Hydro Plus” kysymly dizel ýangyjynyň önümçiligi ýola goýuldy. Ýangyjyň bu görnüşi ýokary tizlikli dizel hereketlendirijilerinde we howanyň aşa sowuk şertlerinde ygtybarly ulanmaga niýetlenendir.
Şeýle-de zawodlar toplumynda “SAE 50 API CF-4” kysymly motor ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Motor ýagynyň bu görnüşi awtoulaglarda hem-de beýleki enjamlarda gurnalan kuwwatly dizel hereketlendirijileri üçin göz öňünde tutulyp, yssy howa şertlerinde ulanmaga niýetlenendir.
