DÜNÝÄ

Horasan-Rezawi welaýatynyň gubernatory Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň gubernatory Ýakub Ali Nazari bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Eýran bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara ynama eýe bolan häsiýetini belläp, onuň yzygiderli we depginli ösdürilmegine ýokary derejedäki gepleşikleriň täsir edýändigini nygtadylar.

Taraplar iki döwletiň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmasyny beýan etdiler.  Bu babatynda Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň arasynda gol çekilen Ähtnama üns çekildi.

Duşuşykda Eýranyň Horasan-Rezawi welaýatynyň gubernatorynyň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň ozal gol çekilen resminamany iş ýüzünde durmuşa geçirmekde wajyp ähmiýete eýedigi hem bellenildi.

Related posts

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisi

Ata Watan Eserleri

Awazada «Hazar deňzi – dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

“Grammy” baýragynyň eýesi Joe Diffie aradan çykdy

Ata Watan Eserleri