BILIM

Türkmenistan IV açyk matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar

Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda (OMOUS-2023) geçiriljek açyk matematika olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

Olimpiada matematika bilen içgin gyzyklanýan we bilimdir başarnyklaryny halkara gözden geçirilişde görkezmek isleýän ýokary mekdepleriň talyplarynyň arasynda geçirilýär. Olimpiada gatnaşmaly talyp sany çäklendirilmeýär.

Bäsleşik 2024-nji ýylyň 3-8-nji mart aralygynda paýtagtymyzdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçiriler.

Olimpiadanyň resmi dilleri türkmen we iňlis dilleridir.

Olimpiada şahsy we toparlaýyn ýaryşlar görnüşinde geçiriler.

Talyplar üçin hasaba alyş guramaçy okuw mekdebiniň resmi internet sahypasynyň Akademiýa / Ýaryşlar bölüminde açykdyr. Şol ýerde olimpiadanyň jikme-jik tertibi we düzgünleri, gatnaşmak üçin doldurylmaly zerur resminamalaryň nusgalary we beýleki peýdaly maglumatlar hem bar.

Has giňişleýin maglumaty şu belgilere jaň edip: +99312 398528, +99365 809906 ýa-da iuhdolympiads@gmail.com. elektron salgydan alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar