SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat gatnawy üçin 50 göterim arzanladyş

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün “Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat – Abu-dabi – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawyny ýola goýýar. Şol mynasybetli 5-nji ýanwarda ýerine ýetirilýän gatnawyň awiapetekleri üçin 50 göterimlik arzanladyş yglan edildi. Arzanladyş diňe şu gezekki gatnaw üçin elýeterlidir. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Hususan-da, şeýle diýilýär:

Hormatly ýolagçylar! “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapynda 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan Aşgabat – Abu-dabi – Aşgabat ugry boýunça ýolagçy gatnawynyň ýola goýulmagy mynasybetli diňe 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 5-ne ýerine ýetiriljek gatnawa 50% göterime çenli uly arzanladyş yglan edilýär.

Related posts

Otly petekleri: 15 gün öňünden onlaýn almak bolar

Ata Watan Eserleri

BSG: maýmyn mama keseli gözegçilik astyna alnyp bilner

THY: ýörite gatnaw meýilleşdirilýär