SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Moskwadan alternatiw ugurly gatnawlary dowam etdirýär

Aşgabat-Moskwa ugry boýunça gatnawlary wagtlaýyn togtadan “Türkmenistan” awiakompaniýasy Moswkadan alternatiw ugurly, ýagny Moskwa-Hoşimin, Moskwa-Kuala-Lumpur, Moskwa-Aşgabat ugurly gatnawlaryny Stambulyň üsti bilen ýerine ýetirmegi dowam etdirýär. Bu barada “https://turkmenistanairlines.ru/news/330” saýtynda habar berilýär.

Şu aşakdaky gatnawlara bileti bolan ýolagçylar:

* Moskwa-Hoşimin 07.01.2025/08.01.2025

* Moskwa-Kuala-Lumpur 07.01.2025/08.01.2025
* Moskwa-Aşgabat 04.01/06.01/07.01/08.01/09.01/10.01/11.01/13.01

06.01.2025 senesinde sagat 23:55-de ( Moskwa wagty bilen) Moskwa-Stambul gatnawy, soňra Stambul-Aşgabat gatnawy ýerine ýetirilýändigi habar berilýär.
Biletleriň hasaba alnyşy uçuşda 3 sagat öň başlanýar.
Bileti bola ýolagçylaryň bu gatnawdan peýdalanmagy üçin agentlik bilen habarlaşmagy zerur bolup durýar.
Şeýle hem 30.12.2024-03.01.2025 senelerinde bileti bolup, şol döwürde uçup bilmedik ýolagçylaryň hem agentlik bilen habarlaşyp biljekdigi bellenilýär.

Related posts

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Hytaýa adaty uçar gatnawlaryna başlaýar

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň meşhur meýdançalary

Mekdebe çenli çagalyk döwründe çaganyň ösüşi, kemala gelşi