SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň täze toplumy gurlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz boýunça uçuşy amala aşyryp, alnyp barylýan işler hem-de Aşgabadyň durmuş düzümini mundan beýläk-de toplumlaýyn kämilleşdirmegiň taslamalary bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň täze, döwrebap binalar toplumyny, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkezini gurmaga degişli tabşyryklary berdi hem-de degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Geljekde bu merkezler Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binýadynda bolup, olarda kafedralary ýerleşdirmek, talyplara bilim bermek we lukmanlaryň diplomdan soňky kämilleşdiriş okuwlaryny guramak, tejribe okuwlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de bu ýerde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlener. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähli tapgyrlary berk gözegçilikde saklanylmalydyr.

Related posts

“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan halkara gatnawlarda ýörite aksiýa

Daşary ýurda gitmek üçin biometriki pasport :Gerekli resminamalar

Aşgabat-Stambul-Türkmenabat ugry boýunça ýörite gatnaw