SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin goşmaça howa gatnawlary ýola goýar

2025-nji ýylyň 17–26-njy awgusty aralygynda Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň çagalarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş-dikeldiş merkezlerine äkidip-getirmek maksady bilen, «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan goşmaça howa gatnawlary amala aşyrylýar.

Şonuň çäklerinde 2025-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenabat–Balkanabat, Daşoguz–Balkanabat we Mary–Balkanabat ugurlary boýunça uçuşlar ýerine ýetirildi.

Gaýdyş gatnawlary bolsa 26-njy iýulda Balkanabat–Türkmenabat, Balkanabat–Daşoguz we Balkanabat–Mary ugurlary boýunça amala aşyrylar.

Bu çäreler tomus dynç alyş möwsüminde çagalaryň netijeli dynç almagyny, saglygynyň dikeldilmegini üpjün etmek bilen bir hatarda, döwletiň ýaş nesle berýän aýratyn ünsüni hem açyk görkezýär.

Related posts

Ukrainada okaýan talyplaryň ýene-de bir tapgyry Türkmenistana getirilýär

Kazandan Türkmenistana gelýän ýolagçylar PSR test tabşyrmaly

Ýüzüňizi Gün şöhlesinden goraň!