SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BAE-den Marsa ylmy syýahat

Birleşen Arap Emirlikleri, howanyň üýtgemegini öwrenmek üçin tomusda “Umyt” atly zonduny Mars planetasyna iberer. Alymlaryň pikirine görä, Mars planetasyndaky täsir eden üýtgeşmeleri öwrenmek, Ýer ýüzündäki we howa hadysalarynyň umumy keşbine düşünmek üçin möhümdir.

– BAE-niň iberjek zondy bir ýylyň dowamynda Mars planetasyndan maglumat jemlär. Bu planetadaky üýtgeşikleri yzygiderli öwreneris. Bir döwür geler, adamlar hem Marsa gidip başlarlar. Şonuň üçin öňünden maglumat edinmek zerurdyr – diýip, BAE-iň ösen ylymlar boýunça ministri Sarah Al-Amiri beýanat berdi.

Kosmos ylmy-barlag ekspedisiýasyna ylmy laboratoriýa iberiler. “Umyt” zondy sanly kamera bilen üpjün ediler. Ol hem reňkli suratlary almaga mümkinçilik berer.

Bu zondy Mars planetasyna 14-nji iýul-3-nji awgust aralygynda ýapon raketa göterijisi arkaly ibermek göz öňünde tutulýar.  Alymlaryň bellemegine görä, hut şu wagtda planetalaryň we kosmiki jisimleriň ýerleşişi enjamyň ýedi aýyň içinde Gyzyl Planeta erkin baryp ýetmegine mümkinçilik döreder.

Zonduň synagy tamamlanyp barýar, ol maý aýynda  Ýaponiýa iberler.

Related posts

BSGG: “omikron” 106 ýurtda hasaba alyndy

Gonkong iň uzyn çäklendirme möhletini gysgaldýar

Ata Watan Eserleri

BSGG-den sanjym maslahaty