MEDENIÝET

Aşgabatda Nýuşa bilen Olga Şultaýsyň konserti geçiriler

Ýetip gelýän Täze — 2024-nji ýyl mynasybetli Aşgabat şäherinde daşary ýurtly sungat ussatlary Nýuşa bilen Olga Şultaýsyň baýramçylyk konsertleri geçiriler. Bu barada Medeniýet ministrligi habar berýär.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň baýramçylyk şatlygyny artdyrmak maksady bilen 26-njy dekabrda geçiriljek baýramçylyk konsertinde Nýuşa bilen Olga Şultaýs özleriniň dünýä meşhur bolan ajaýyp aýdymlary bilen çykyş ederler. Konsert Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler.

Konsert 18:00-da başlanar.

Habarlaşmak üçin 21-26-58, 21-26-74, 21-26-71, 21-28-41 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz!

Maglumat hökmünde aýtsak, rus etrada aýdymçysy, kompozitor, we aktrisa Nýuşa 1990-njy ýylda Moskwa şäherinde sazandalar maşgalasynda dünýä inýär. Onuň doglan wagtyndaky ady Anna bolup, ol 17 ýaşynda öz adyny Nýuşa adyna resmi taýdan çalyşýar.

Olga Şultaýs barada aýtsak, rus pop aýdymçysy we kompozitory Olga 1986-njy ýylda Aşgabat şäherinde dogulýar. Onuň ýerine ýetirýän Milli Miglia atly aýdymy oňa sungat ýolunda uly üstünlikleri getirýär.

Nýuşa bilen Olga Şultaýs geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda birnäçe gezek konsert berdiler.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi