MEDENIÝET

Eýranly Emir Raseniň Aşgabatda baýramçylyk konserti geçiriler

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Aşgabatda asly türkmen, eýranly meşhur aýdymçy Emir Raseniň baýramçylyk konserti geçiriler.

Konsert 24-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler. Konsertiň dowamynda eýranly meşhur aýdymçy Emior Rasen sungat ýolunda özüne üstünlik getiren ajaýyp aýdymlary bilen çykyş edip, Watandaşlarymyzyň Täze ýyl baýramçylyk şatlygyny artdyrar.

Konsert 18:00-da başlanar.

Habarlaşmak üçin 21-26-58, 21-26-74, 21-26-71, 21-28-41 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Belläp geçsek, Emir Rasen Türkmenistanda ilkinji gezek konsert berýär.

Related posts

83 ýaşynda ýekelikde Ýuwaş ummany ýüzüp geçdi

Şol bir atly 178 adamyň rekordy

“Asyrlaryň yzlary” atly halkara ylmy ýygyndy neşir ediler