MEDENIÝET

83 ýaşynda ýekelikde Ýuwaş ummany ýüzüp geçdi

Ýaponiýaly deňiz syýahatçysy Keniçi Hori ýekelikde Ýuwaş ummany ýüzüp geçen dünýäniň ilkinji garry adamy boldy.

6 metrlik “Suntory Mermaid III” ýahtasynda 83 ýaşyndaky ýapon raýaty durman deňiz syýahatyny amala aşyrdy. Ol bu syýahatyna 27-nji martda San-Fransiskodan başlap, Ýaponiýanyň günbataryndaky Kin kanalyna baryp ýetdi.

Ol 69 günde takmynan 8500 kilometr menzil aşdy. Keniçi Hori üçin bu uzak aralyga ýekelikde ilkinji ýüzüşi däl.

Ol 1962-nji ýylda ilkinji hiç ýerde saklanman, uzak aralygyna ýüzüşini üstünlikli tamamlady. Şonda ol Ýuwaş ummany boýunça Ýaponiýadan San-Fransisko tarap ýüzüşini amala aşyrdy. 60 ýyldan soňra ol tersine ýüzüşi ýerine ýetirdi.

 

Bäsleşik: ýaşaýyş jaýyny gurmak

Ýene-de okaň

Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler

Bedewleriň halkara çäreleri üçin döwlet topary döredildi

Iýun aýy: Azerbaýjanyň medeniýet günleri we beýleki halkara günler

Türkmen halysynyň baýramy giňden bellener

Türkmenistan Ermenistanda 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşdy