BIZNES

Gazagystan Hytaýa tarap täze demirýol gurup başlady

Gazagystan Hytaýa tarap täze demirýoluň gurluşygyna başlady, bu ýurtlaryň arasyndaky ýük dolanyşygyny 20 million tonna artdyrar. Bu barada Gazagystanyň Hökümeitniň metbugat gullugy habar berýär.

– Abaý oblastynda 272 kilometrlik täze demirýoluň gurluşygyna girişildi. Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow bu taslamanyň gurluşygyna başlanmagyna degişli dabara sanly ulgam arkaly gatnaşdy. Taslama Gazagystanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda durmuşa geçirilýär – diýlip, beýanatda bellenilýär.

Täze liniýanyň Gazagystan bilen Hytaýyň arasyndaky ýük dolanyşygyny 28 million tonnadan 48 million tonna çenli ýokarlandyrmagyna, günorta barlag nokatlarynda dyknyşygy aradan aýyrmagyna we goşmaça üstaşyr möçberleri çekmäge mümkinçilik berer. Demirýoluň 2027-nji ýylda işe girizilmegi meýilleşdirilýär.

Bu taslama döwlet-hususy pudagyň hyzmatdaşlygynda durmuşa geçiriler. Taslamanyň çäginde 11 stansiýa, 47 köpri, 5 pyýada geçelge we beýleki köp sanly kömekçi desgalar gurlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Owganystan energetika taslamalaryny maslahatlaşdy

24-25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly sergi we maslahat geçiriler

Türkmenistan «Green EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler