BIZNES

Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi geçirildi

Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi geçirilýär. Sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guraldy.

Şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşmak üçin düzüminde 70-e golaý eýran kompaniýalarynyň we firmalarynyň agzalary bolan uly wekiliýet Aşgabada geldi. Şolaryň hatarynda dürli ugurlarda netijeli gatnaşyk etmegiň köpýyllyk tejribesine eýe bolan Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, şeýle hem sergä ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar bar. Bu sergi olara ýurdumyzda öz önümlerini görkezmäge, türkmen kärdeşleri bilen bilelikde iş alyp barmak üçin mümkinçilikleri öwrenmäge başlangyç meýdança boldy.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, Türkmenistandaky daşary döwletleriň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem sergide iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleriň döredilmegine uly goşandyny goşýan “Saderat Iran” bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasy diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy.

Serginiň işiniň üç gününiň dowamynda ykdysady gözden geçirilişe gelýän köp sanly adamlar onuň bilen giňişleýin tanyşmaga, özara bähbitler esasynda geljekki meýilnamalary hem-de işewürlik başlangyçlaryny kesgitlemäge mümkinçilik alarlar.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar