DÜNÝÄ

21-nji dekabr – iň uzyn gije, iň gysga gündiz

21-nji dekabr demirgazyk ýarym şarda gyşyň başlangyjy, günorta ýarym şarda ýazyň başlangyjy hasaplanýar. Şu günden başlap, gijeleri gysgalyp başlar. Bu ýagdaý ýazyň başlangyjy hasaplanýan 21-nji marta çenli dowam edýär. Ekwator guşaklygyndan demirgazyga gidildigisaýyn gijeler has uzyn bolýar.

Senenama görä, gyş pasly 1-nji dekabrda başlanýan hem bolsa, ylmy taýdan gyşyň başlanýan güni 21-nji dekabr hasaplanýar. Ýeriň Günüň daşyndan aýlanmagyna, Ýere Günüň şöhlesiniň düşüş dikligine baglylykda ýylyň dowamynda dört sany esasy gün bar. Bu günler pasyllaryň çalyşýan günleri hasaplanýar. 21-nji hem-de 23-nji sentýabr gije bilen gündiziň deňleşýän günleridir. 21-nji dekabr iň uzyn gije, iň gysga gündiz hasaplanýar. 21-nji iýun bolsa, iň uzyn gün, iň gysga gije bolýar.

Related posts

Türkmenistanyň Ilçisi Çehiýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça duşuşyk

Türkmenistan bilen Litwanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi