BIZNES

“Lufthansa” 9 milliard dollarlyk uçar sargyt edýär

Germaniýanyň “Lufthansa” awiakompaniýasy gysga we orta aralykdaky ýolagçy uçarlary üçin 9 milliard dollarlyk sargyt bilen flotuny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.

Kompaniýanyň beren beýanyna görä, “Lufthansa” awiakompaniýasy “Boeing” kompaniýasy bilen 100 sany “Boeing 737-8 Max” kysymly uçar satyn almak üçin şertnama baglaşdy. German kompaniýasy uçarlayrň 40-syny gutarnykly satyn alýar, 60 sanysyny bolsa satyn almak hukugyny saklap galýar.

Şeýle hem bu awiakompaniýa “Airbus” bilen baglaşylan şertnamanyň çäginde 60 sany “Airbus 220-300” kysymly uçar satyn alar (40 sanysy gutarnykly satyn alnar, 20-si satyn almak hukugyny saklap galar).

Öndürijileriň sanaw bahalaryna esaslanyp, “Lufthansa”-nyň 80 uçar üçin sargydy takmynan 9 milliard dollar bolar. Uçarlaryň 2026-2032-nji ýyllar aralygynda taýar edilip, kompaniýa tabşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Related posts

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjaklar hasaba alnyp başlandy

«Ever Given»-iň azatlygynyň bahasy 540 müň dollar

11 müň tonnadan gowrak ECO-93 görnüşli awtoulag benzini eksporta ýerlenildi