MEDENIÝET

«Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023» bäsleşiginde haýsy aýdymçy ýeňiji bolar?!

Ozal habar berşimiz ýaly, 15-nji dekabrda Arkadag şäher Söwda toplumynyň «Arzuw» toý mekanynda «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023» bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçiriljek jemleýji tapgyryna ýaş estrada aýdymçylaryň 10-sy gatnaşar.

Ýylyň dowamynda eminler toparynyň hem-de «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda, «Owaz» radioýaýlymynda halk köpçüliginden köp SMS habarnamasy gelen aýdymçylaryň 10-synyň atlary yglan edildi. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýaş estrada aýdymçylar Perhat Öräýew, Şatlyk Gurbannazarow, Leýli Mämmedowa, Bahar Annaýewa, Batyr Muhammedow, Annaberdi Orazmämmedow, Aýjemal Jumanyýazowa, Han Pälwanow, Selbi Kakanowa, şeýle-de Ýegenmyrat Ýegenow dagy çykyş edip, öz başarnyklaryny görkezerler.

Bu bäsleşik her ýyl asylly däbe eýe bolup, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär. Ýurdumyzda häzirki güne çenli dürli ýyllarda «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna eýe bolan aýdymçylaryň arasynda köpsanlysy Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly atlara mynasyp boldular.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023» adyna haýsy aýdymçy mynasyp bolar. Elbetde bu sowalyň jogaby köpleri gyzyklandyrýar.

Türkmenistanda ýola goýlan sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda ildeşlerimiz özleriniň söýgüli aýdymçylaryna 0500 gysga belginiň üsti bilen öz seslerini berip bilerler. Halk köpçüliginden geljek sms habarnamalary bäsleşigiň jemlenýän pursatyna çenli hasaba alnar. «Ýylyň parlak ýyldyzy» halk köpçüliginden 0500 gysga belgä geljek seslere garaşýar.

Belläp geçsek, «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Onuň ilkinji ýeňijisi Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan Tagyýewa. Bäsleşigiň geçen 2022-nji ýyldaky ýeňijisi bolsa Rüstem Hallyýewdir.

Ýene-de okaň

Ýylyň şygaryna bagyşlanan ajaýyp konsert

Ata Watan Eserleri

TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisi geçiriler

Magtymguly Pyragynyň doglan gününe bagyşlanan konsert

Dünýäniň iň owadan pişigi Norwegiýada saýlandy

“Gorkut ata” kinofestiwaly: görkeziljek filmleriň sanawy

Ata Watan Eserleri

Amerikan edebiýatynyň wekilleri Türkmenistana gelip gördüler