MEDENIÝET

«Pyragy» atly täze şrift döredildi

Paýtagtymyzdaky «Belli Creative» dizaýn studiýasy «Pyragy» atly täze ýazuw şekilini döretdiler we ulanyşa çykardylar. «Pyragy» şrifti – «Belli Creative» dizaýn studiýasynyň bu ugurdaky üçünji işi bolup durýar. Mundan ozal, bu studiýa «Aşgabat2017» şeýle-de «Garagum» atly ýazuw şekilini döredipdiler.

«Belli Creative» dizaýn studiýasy täze taslamanyň üsti bilen, Magtymguly Pyragynyň adyny sanly giňişlikde hem tanatmak isleýärler.
Belläp geçsek, «Pyragy» şriftini adaty ýazgylarda däl-de, sözbaşylarda we beýleki aýratyn ýazgylarda ulanyp bolar.
Bu şrift häsiýeti boýunça çeper manyly ýazgylara niýetlenilen. Şonuň üçin hem ony edebiýat, kino, saz, sungat bilen bagly ýazgylaryň sözbaşylarynda, teatrlaryň afişalarynda, ugurdaş mahabatlarda ulanmak has ýerlikli bolar.

Related posts

Oskar täzelikleri

Türkmenistanda gar gatyşykly ýagyş: Howa maglumaty: 6-12-nji fewral

Ata Watan Eserleri

Berlinde Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

Leave a Comment